17-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Grand Turkmen» myhmanhanasynda «Brein-ring» intellektual bäsleşik boýunça ýaryşyň final tapgyry geçirildi. Ol sanly ykdysadyýet we telekeçilik boýunça ýaşlaryň arasynda gurnaldy.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň ykdysadyýetçiler birleşiginiň başlygy Ýuriý Aronskiý, şeýle hem JA Worldwide-yň Türkmenistandaky wekili Aýna Baýramowa gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

Intellektual ýaryşda her birinde 5 adam bolan 25 topar gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjylara ykdysadyýete, sanly tehnologiýalara, taryha we medeniýet degişli soraglaryň giň toplumy berildi.

Şu ýyl «Brein-ringiň» öňdebaryjylary hökmünde A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň wekilleri we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri boldular. Ýaryşyň ahyrynda «Iň gowy oýunçy», «Iň gowy janköýer», «Ýeňşe ymtylyş» ýaly ugurlarda hemaýatkärleriň goýan gymmatbahaly sowgatlarynyň ugrunda ýaryşlar geçirildi.