Ahal welaýaty döwlet dolandyryşy tejribesine, şol sanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyna sanly maglumat tehnologiýa ornaşdyrylan ýurdumyzyň ilkinji sebiti boldy. Duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda bu barada welaýatyň häkimi Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri zerur enjamlary hem-de programma üpjünçiligini gurnap, Ahal welaýatynyň häkimliginiň özünde elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrdylar. Taslamanyň ilkinji tapgyrynyň barşynda welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň we şolaryň bölümleriniň — düýpli gurluşyk düzümleriniň arasynda bu ulgamy gurnamak hem-de işe girizmek işleri geçirildi.

Ýeri gelende aýtsak, Ahal welaýat häkimliginde işe girizilen elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň birnäçe aýratynlyklardan ybaratdygyny bellemeli. Welaýatyň häkimi ekerançylyk meýdanlarynda bolýan mahaly hem sanly tehnologiýanyň mümkinçiliginden peýdalanyp bilýär. Häkim degişli enjamyň üsti bilen etraplaryň häkimlerini aragatnaşyga çagyryp, oba hojalygynda bar bolan meseleler boýunça dessin pikir alyşmalary guramak mümkinçiliginden peýdalanýar.