15-nji dekabrda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklaryny ýakdy we ýaşajyk türkmenistanlylaryň belent ruha beslenen Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary, ajaýyp çykyşlary we joşgunly tanslary bilen utgaşyp, Täze, 2020-nji ýylyň ýakynlap gelýändigini äleme aýan etdi.

Şu ýyl dabarany guraýjylar çagalar üçin diňe bir dynç alyş däl, eýsem, özboluşly aň-bilim çykyşlaryny taýýarladylar. Baýramçylygyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba, Garpamyk, Bilgirje we Mämmetjan sanly ulgamyň kömegi arkaly Watanymyzyň ähli sebitlerinde boldular hem-de ykdysadyýetde, medeniýetde, durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bitirilen beýik işler bilen tanyşdylar.

«Şatlyk», «Gyzyl güljagaz», «Akpamyk», «Aýjan», «Şowhun», «Joşgun», «Ruhubelent çagalar», «Galkynyş» çagalar toparlary dürli tanslary sazlaşykly ýerine ýetirýärler.

Meýdançada müňlerçe dürli öwüşginli şarlar, oýnawaçlar, «2020» ýazgysy bolan sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arça möhüm orun berlipdir. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň beýikligi ýokarsyndaky ýyldyz bilen bilelikde alanyňda 40 metrdir.