«Türkmenistan— ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI sport ýaryşlarynda ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda futbol boýunça geçirilen ýaryş tamamlandy.

Ýaryşa jemi 19 topar gatnaşyp, öňe saýlanan toparlar iki toparçada çykyş etdiler. Birinji toparçanyň oýunlary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, ikinji toparçanyň oýunlary Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň sport meýdançasynda geçirildi.

Futbol boýunça geçirilen duşuşyklaryň netijesi boýunça ýarym finala çykmagy başaran «Talyp sport» «Maliýeçiden» 3:0 hasabynda, «Hazyna» topary «Nesilden» 4:2 hasapda üstün çykdy.

Final tapgyrynda «Talyp sport» toparynyň türgenleri  B. Gaýlyýew, O.Işangulyýew, G.Gurbanow, D.Berdiýew, N.Tuwakweliew, A.Ýawarow, M.Annaýew, B.Baýow dagylar ezberligini görkezip, I orny eýelediler. Şeýle hem «Talyp sport» toparynyň geçirilen ähli duşuşyklarda derwezesine ýeke top hem geçirtmänligini aýratyn bellemek gerek.

Geçen ýyl hem çempion bolmagy başaran «Talyp sport» toparyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň futbol boýunça tälimçileri N.Täşliýew bilen S.Seýdiýew ýaryşa taýýarlady.

II orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Hazyna» topary eýelemegi başardy. III orna bolsa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Nesil» topary mynasyp boldy.

 «Türkmenistan— ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI sport ýaryşlary dowam edýär.