Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen sungatymyz, medeniýetimiz taryhy ösüşiň täze basgançagyna gadam basdy. Hormatly Prezidentimiziň “Biziň edebiýatymyz we sungatymyz näçe özboluşly boldugyça, bize dünýäde şonça-da ýokary baha bererler” diýen sözleri sungatymyzy, medeniýetimizi ösdürmek barada edýän aladalarydyr.

          Muňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda her ýylda dabaraly geçirilýän “Gujurly ýaşlar” sergisi mysal bolup biler. Her ýyl däp bolup gelýän bu sergä çeperçilik akademiýanyň gujurly talyplaryndan başga-da, bu ýyl akademiýany tamamlan uçurymlar hem gatnaşýarlar. Bu sergi akademiýanyň sergiler jaýynda dekabr aýynyň 14-ne dabaraly ýagdaýda açyldy. Oňa nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, zergär, keramika, haly eserleri, şeýle-de, sungaty öwreniji talyplar bolsa, öz ýerine ýetirlen kitapçalary, albomlary bilen gatnaşdylar. Bu sergi bolsa, birnäçe täze eserleriň dünýä inmegine getirdi.   Gatnaşan eserler bolsa, sergä gelen tomaşaçylary özüne çekip, olarda uly täsir galdyrdy.

          Sergilenen eserler biri-birinden has hem tapawutly. Aýratyn hem, heýkel eserler meniň ünsümi özüne çekdi. Halkyň göwnünden turar ýaly taraşlap heýkel eseri döretmek örän jogapkärli işdir. Ýöne muňa garamazdan “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň mugallymlary, Babasary Annamyradowyň, Saragt Babaýewiň, Polat Mämiýewiň, Şirmyrat Hojagulyýewiň, Gurbangeldi Gaýypberdiýewiň, Maksat Hojaýynowyň, Maksat Tugurowyň halypalyk etmeginde talyplar birnäçe heýkel eserlerini döredip sergilediler. Ýagny, Dawut Abaýew “Ýeňiji”, Muhammetmyrat Muhadow “Golf oýunçysy”, Baýram Jumaniýazow “Puşman”, Salyh Saparmämmedow “Gandym aga”, “Balykçy oglan”, Maksat Bazarow “Türkmenistanyň halk kompazitory Nury Halmämmedow”, “Nebitçi”, Nasiba Adizowa “Pianist”, Azady Mekanmyradow “Talyp gyz Aýjahan”, Hajymyrat Güjikow “Tüýdükçiniň mukamy”, Ahmet Gurbangeldiýew “Parahatçylyk buýsanjy”, Meýlis Myradow “Goja seýis” ýaly birnaçe talyplar öz işleri bilen gatnaşdy. Şeýle-de, akademiýanyň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasyny 2009-njy ýylda tamamlan uçurym Baýgeldi Annamedow “Türkmen Alabaýy”, “Çapyksuwarlar”, “Sazanda oglan”, 2014-nji ýylda tamamlan uçurym Sähragül Ýegenmämmedow “Ene” ýaly işleri bilen gatnaşdylar.     

          Bu sergilenen heýkel eserleriň arasynda maňa has ýarany sazandalaryň, türgenleriň keşpleridir. Halypa-şägirtlik ýoluny eýerip, Saragt Babaýewiň halypalyk etmeginde Maksat Bazarowyň ýerine ýetiren  “Türkmenistanyň halk kompazitory Nury Halmämmedow” atly heýkel eseri täsirli. Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, “Aýgytly ädim”, “Keçpelek”, “Şükür bagşy” ýaly çeper filmlere sazlary ýazan ussat halypanyň portretini şekillendiripdir. Ussadyň portretinde ýüzüniň ýygyrtlaryny görýäris, bu bolsa, bütin ömrüni saz döretmäge, çalmaga bagyşlandygyny aýtmak bolýar. Saçlaryny synlanymyzda bolsa, notalaryň şekillerini duýup, saz sungaty bilen meşgul bolýandygyny görýäris. Saz älemine öz ömrüni bagyş eden Nury Halmämmedowyň keşbi sergä gelen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmeginde dörediji sungat ussatlaryna uly baha berip, olara giň mümkinçilikler döredýär. Bu bolsa, sungat ussatlarynyň täze-täze eserlerini döretmäge ýol açýar.

Bike Rozyýewa,             

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby