Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşygynda ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr” hem-de “Ahal”  toparlary duşuşarlar.

 Olaryň ilkinjisi ýarym finalda geçirilen iki duşuşygyň netijesinde “Aşgabat” toparyndan üstün çykdy. “Ahal” bolsa ýurdumyzyň geçen ýylky Kubok bäsleşiginiň ýeňijisi “Köpetdagy” ýeňlişe sezewar etdi.

Kubok bäsleşiginiň final duşuşygy 14-nji dekabrda paýtagtymyzda geçiriler.