4-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylygy ýurtlary bilen gatnaşyklar müdirliginiň Baş direktory Adriana Staneskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň başynda, ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça iki ýurduň DIM-niň düzümleýin bölümleriniň ýolbaşçylary derejesindäki geňeşmeleriň üstünlikli geçirilendigi barada belläp, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn dinamikasyny kanagatlanarly belläp geçdiler. Şeýle-de taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.  

Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşdyldy. Taraplar Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag ugruny döretmegiň taslamasyna aýratyn ünsi çekdiler. Şeýle hem taraplar 2020-nji ýylyň dowamynda ýokary derejeli saparlary hem-de 2020-nji ýylyň 1-nji ýarymynda rumyn parlamentiniň agzalarynyň Türkmenistana saparyny gurnamak mümkinçiligini öwrenmegi ylalaşdylar.