4-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Halk Maslahatynda degişli çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň maksady ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň ýagdaýyna we onuň mümkinçiliklerine baha bermekden, ýerlerden Topara gelip gowuşýan maglumatlary deslapdan umumylaşdyrmakdan, onuň geçen döwürde ýerine ýetiren işlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzir türkmen Lideriniň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak barada iş topary döredildi. Toparyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň tejribeli hünärmenleri, bilermenleri, jemgyýetçilik birleşikleriniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlar gatnaşýar. Häzir Adalat ministrligi halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny, döwlet dolandyryşynyň milli we halkara tejribesini öwrenmegiň esasynda degişli teklipleri taýýarlamak hem-de şolary Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Iş toparynyň garamagyna hödürlemek boýunça işlemegi dowam edýär.