Noýabr aýynda Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda Aşgabatda geçirilen iki duşuşykda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň we Şri-Lankanyň ýygyndylaryndan üstün çykyp, ýyly «H» toparçanyň birinji orny bilen jemlän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bu netijeler bilen FIFA-nyň täzelenen reýting sanawynda hem dört basgançak ýokary galdy. Geçen aýdaky sanawda 133-nji orunda görkezilen milli ýygyndymyz indi 129-njy orunda. Täzelenen sanawda Türkmenistanyň ýygyndysy Sudan bilen Guatamelanyň aralygynda ýerleşýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.

Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky topardaşlarymyzdan Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy noýabr aýynda görkezen pes netijesi (Liwan ― Koreýa Respublikasy 0:0) bilen, iki basgançak aşak düşdi we 41-nji orna geldi. Aýdaky möhüm duşuşyklarynda Koreýa Respublikasy bilen KHDR-den ýeňilmedik Liwanyň ýygyndysy bolsa iki basgançaklyk ösüş gazanyp, 89-njy orna çykdy. Biziň ildeşlerimizden 1:3 hasabynda ýeňlen, Liwan bilen hem deňme-deň oýnan KHDR bolsa ozalky netijesini bir basgançak peseldip, 116-njy orna geldi. Toparçamyzyň bäşinji wekili ― Şri-Lankanyň ýygyndysy täzelenen sanawyň 205-nji ornunda.

Uzak aralykdan soňra Ýaponiýanyň ýygyndysy Aziýa boýunça birinji orna geçdi. Dogrusy, olar ozalky ornunda ― 28-njilikde galdylar. Ýöne Eýranyň ýygyndysy alty basgançak pese düşüp, 33-nji orna çenli geldi. Aziýa yklymy boýunça ilkinji bäşlikde Koreýa Respublikasy, Awstraliýa we Katar hem bar. Ýakyn goňşularymyzdan Özbegistan 85-nji, Gyrgyzystan 96-njy, Täjigistan 121-nji, Owganystan 149-njy orunda. UEFA-da ― Ýewropada ýaryşýan goňşularymyzdan Azerbaýjan 114-nji, Gazagystan 118-nji orunda ýerleşýär.

Sanawyň ilkinji bäşliginde özgerme ýok. Ilkinji bäşlik: Belgiýa, Fransiýa, Braziliýa, Angliýa we Uruguaý görnüşinde. Horwatiýa altynjy orna çykyp, Portugaliýa ýedinjilige düşüpdir. Öňdäki 10-lugy Ispaniýa, Argentina we Kolumbiýa jemleýär.