27-28-nji noýabrda paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş
tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII
halkara sergisi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Olar Türkmenistanyň
Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-
de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Şu ýyl sergide öz mümkinçilikleri, öndürýän önümleri we hödürleýän
hyzmatlary bilen türkmen aragatnaşyk kärhanalary hem-de Owganystandan,
Belarussiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Ysraýyldan,
Ispaniýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Monakodan, Niderlandlardan, Birleşen
Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Rumyniýadan, Sloweniýadan, Türkiýeden,
Ukrainadan, Özbegistandan, Fransiýadan, Şwesiýadan, Şweýsariýa
Konfederasiýasyndan kompaniýalar tanyşdyrýarlar.
Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän
hyzmatdaşlary, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynyň bazarynda
öňdebaryjylar — «Тhales Аlenia Space», «Nokia», «HUAWEI», «Samsung»,
«Apple», «Sony», «DHL», «Cisco», «Space Systems International Monaсo» ýaly
kompaniýalar bar. Paýtagtymyzda geçirilýän sergä diňe işewür toparlary däl-de,
eýsem, degişli ugur boýunça esasy hünärmenler, alymlar uly gyzyklanma
bildirdiler.
Hususy işewürligiň wekilleri döwletimiziň durnukly ösüşine goşýan
goşantlaryny yzygiderli artdyrmak bilen, halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik
pudaklarynda barha berk orunlary eýeleýärler. Ýurdumyzyň ýokary tehnologiýalar
bazaryny üstünlikli giňeldýän telekeçileri pudaklaýyn düzümleriň kärhanalary we
edaralary üçin dürli iň täze enjamlary, aragatnaşyklary geçirmegiň hem-de şekiller
arkaly gözegçilik etmegiň serişdelerini göni getirmegiň anyk ugurlaryny üpjün
edýärler. Olaryň hatarynda «Beýik Ýüpek ýoly», «Asman oky», «Türkmen
hemrasy», «TehnoMerkez», «Türkmentehnogurluşyk» ýaly beýleki telekeçilik
düzümleri bar.