Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegi we kämilleşmegi ugrunda  özüniň mynasyp goşandyny goşýan suratkeşleriň birnäçesi irmän-arman zähmet çekýärler. Bagtyýar zamanamyzy, eşretli durmuşymyzy, zähmetkeş halkymyzyň keşbini we türkmeniň milliliklerini wasp edýän täsirli eserler suratkeşleriň döredijiliginiň miweleridir.

Noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebeniň tejribeli mugallymy Berdi Çaryýewiň elli ýaşy mynasybetli “Döredijilik ýolunda” atly şahsy döredijilik sergisi açyldy. Sergide grafika we nakgaş taslamalary görkezilip, bular suratkeşiň döredijilik dünýäsini açyp görkezýär.

Berdi Çaryýew 1969-njy ýylyň 3-nji iýulynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Çäçe obasynda dünýä inýär. Çagalykdan sungata bolan islegi ony 1987 – 1994-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde (öňki Ş. Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde) okap, bilim almagyna ýol açylýar. Bu ýerde Berdiguly Amansähedow we Annadurdy Almämmedow halypalyk edýär. 1996 – 2002-nji ýyllarda ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ussat suratkeş Çary Amangeldiýewiň ýolbaşçylyk etmeginde bilimini kämilleşdirýär.

2004-nji ýylda zehinli suratkeş Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär we 2009-njy ýylda hem-de 2013-nji ýylda “Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar.

Häzirki wagtda suratkeş özüniň döredijilik ýoluny mugallymçylyk işi bilen utgaşykly alyp barýar. Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebinde 2003-nji ýyldan bäri şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk ugry boýunça ýaşlara bilim bermek bilen birlikde ol döredijilik dünýäsinden hem üzňe däl.

Berdi Çaryýewiň “Döredijilik ýolunda” atly sergisinde oba durmuşyny şöhlelendirýän eserleri agdyklyk edýär. Suratkeşiň “Bagt” (1996), “Ýanwar” (1996), “Günortan” (1996), “Oba säheri” (2019) ýaly birnäçe eserleri munuň aýdyň mysalydyr. Bu bolsa suratkeşiň çagalyk ýyllarynyň obada geçmegi bilen baglanyşyklydyr. Ýaşlygyndan aňyna we kalbyna siňen, göz öňünde janlanýan obada bolup geçýän wakalar, iş-aladalar we zähmetkeş adamlaryň nurana keşbi suratkeşiň ylham çeşmesi bolup galýar. Suratkeşiň “Oba säheri” atly eserinde ala garaňkyda gygyryp duran horazlar daňyň atyp gelýändigini buşlaýar. Hakykatdanam daň horazlaryň sesine oýanmak obadaky adamlara endik bolup galan. Suratkeş bu gyzykly taslamasynda çalymtyl gök reňkleri ulanypdyr.

Şeýle hem sergide türkmeniň ak bugdaýly meýdanlaryny, ol meýdanlarda päk zähmet çekýän edermen babadaýhanlary suratlandyrýan taslamalar tomaşaçylary biparh goýmady. Nakgaşyň “Altyn asyryň altyn hasyly” (2001), “Türkmeniň ak bugdaýy” (2002), “Halal zähmetiň gözbaşynda” (2006), “Hasyl bolýan arzuwlar” (2011), “Çöregiň ýylysy” (2013) atly eserlerinde ak bugdaýly Watanymyzyň gözelligi we çöregiň mukaddesligi öz beýanyny tapýar. B. Çaryýewiň “Altyn asyryň altyn hasyly” atly işinde aksakgal goja we onuň oglunyň ýüzündäki ýylgyryş alamatlar bugdaý hasylynyň bollugyndan we olaryň arassa zähmetiniň nyşanydyr. Bularyň gapdalyndaky bugdaýly meýdanlary orup ýören kombaýnlara el bulaýlap duran ýaşajyk oglanjygyň hem ata kesbini dowam etjekdigini aňladýar. Suratkeş bu taslamasyny altynsow we türkmen topragyna mahsus açyk reňkler bilen baýlaşdyrýar.   

  Sergidäki “Gözellik we wepalylyk” (2011), “Ak pata” (2011), “Milliligiň kämil nusgasy” (2013) atly taslamalarda türkmen bedewleriniň gözelligi wasp edilýär. “Çaýly natýurmort” (2009), “Türkmen saçagy” (2014), “Gülli natýurmort” (2018) atly natýurmortlary we “Çeşmäň başynda” (2006) “Nohurda öýlän” (2007), “Manyşda ýaz” (2007), “Köpetdagyň etegi” (2014) atly peýzažlary hem özboluşlylygy, sadalygy bilen tapawutlanýar.

Suratkeşiň “Gumdaky çeşmeler” (2008), “Gumda agşamara” (2012), “Akmaýalar” (2013), “Gündogaryň howry” (2018) atly taslamalary hem gumly obasyndan habar berýär. Bu eserlerde çölüň gum depeleri we çölüň gämileri hasaplanýan düýeler we ony sagýan gelin-gyzlaryň keşbi şekillendirilipdir.

“Döredijilik ýolunda” atly sergide Berdi Çaryýewiň döredijilik gözlegleri netijesinde dörän  birnäçe hyýaly we filosofiki pikirleri jemleýän eserleri hem görkezilipdir. Bu eserlerde suratkeşiň erkin we özbaşdak pikirleri, duýgulary reňkleriň toplumynda  aýdyň bolup, ol tomaşaçyny pikirlendirmäge we ondan belli bir netije çykarmaga mejbur edýär. Geljekde-de suratkeşiň döredijiliginiň has hem baýlaşjakdygyna, galamy ýiti bolup, reňk çotgalarynyň täsiri bilen köp öwüşginli eserleri döretjekdigine ynanýarys we bu eserler Arkadagly zamanamyzyň waspy bolup, köňüllerde orun tutsun. Jadylaýjy sungat dünýäsinde gazanan şeýle ussatlaryň döredijilikli ýolyny öwrenmek, bilmek we onuň eserleriniň ähmiýetine düşünip, seljerip halka ýetirmek biz sungaty öwrenijileriň esasy borjydyr.

Ýazgül Beginýazowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby