24-nji noýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 6-12 ýaş aralygynda çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi.

Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Şeýle-de, festiwalyň soňunda ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagyndaky çagalar festiwalyna  paýtagtymyzyň  çagalar toparlarynyň 8-sine wekilçilik edýän çagalaryň 100 töwereginiň gatnaşandygyny ýatladýarys.