«Milli goşun» elektron neşiri häzirki wagtda amala aşyrylýan güýzki
çagyryş möwsüminiň dowamynda milli goşunymyza harby gulluga gelen harby
gullukçylaryň ilkinji gulluk hepdeleri barada gürrüň berýär.
Harby bölümlere gelenlerinden soň, ýaş esgerlere uýgunlaşma döwri
garaşýar. Olar harby kasamy kabul etmäge taýýarlyk görýärler, täze gün tertibine
öwrenişýärler we ilkinji gezek esger hökmünde ellerine ot açýan ýarag alyp
görýärler.
Harby bölüme gelip, ýaş esgerler öz serkerdeleri bilen tanyşýarlar. Olar ýaş
esgerlere geljekde öňünde duran wezipeleri barada aýdyp, harby bölümiň işi
barada umumy düşünje berýärler. Hatarçylara bilimleri, iş hünärleri, başarnyklary
barada soraglar berilýär. Şular ýaly ýüzbe-ýüz we toparlaýyn gürrüňdeşlikler tä her
bir ýaş esgeriň wezipesi we borjy anyk kesgitlenýänçä ähli uýgunlaşma döwrüniň
dowamynda ýygy-ýygydan geçiriler.
Soňra täze gelen harby gullukçylar harby bölümde doly hasaba alnyp,
üpjünçiligiň ähli görnüşlerine goýulýar. Uýgunlaşma döwrüniň dowamynda ýaş
esgerler özlerini nyzamda dogry alyp barmagy öwrenýärler. Şol sanda olar ilkinji
gezek esgerler üçin naharhanany, ýatakhanalary we hammamy görmäge barýarlar.
Indiki günüň säherini harby gullukçylar ilkinji gezek «Rota turuň!» diýen
buýrugy bilen garşylaýarlar. Harby bölümiň serkerdeleri we borçnama boýunça
harby gullukçylary ýaş esgerleri kem-kemden gün tertibiniň kadalaryna salyp
başlaýarlar – irden olar üçin beden taýýarlygyny geçirýärler, şahsy gigiýenasyna,
ýorgan-düşekleri tertiplemäge, naharlanmaga sarp edilen wagtlary gözegçilige
alýarlar. Şeýde-şeýde ýaş esgerler täze gün tertibine uýgunlaşyp başlaýarlar.
Şol bir wagtda ýaş esgerler nyzam taýýarlygyny geçýärler. Olar birmeňzeş
depginde nyzamly ýöräp we serkerdeleriniň buýruklaryny gyşarnyksyz ýerine
ýetirip, jebis topar hökmünde hereket etmäge girişýärler. Bu hem her bir harby
gullukçynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolan dabara – harby
kasamy kabul etmäge gerek bolan türgenleşik bolup durýar.
Uýgunlaşma döwrüniň dowamynda ýaş esgerler harby düzgünnamalary we
ýaraglaryň aýratynlyklaryny öwrenýärler. Nazaryýet bilimlerini olar Galkynyş
otaglarynda alýarlar, türgenleşik merkezlerinde bolsa olar usulyýet taýdan
kämilleşýärler. Şol okuw-türgenleşik meýdanlarynda ýaş esgerler ilkinji gezek öz
atyş türgenleşiklerini geçirýärler.
Şeýlelik bilen ýaş esgerler harby durmuşa eýýäm birnäçe hepdäniň
dowamynda doly öwrenişýärler.