20-21-nji noýabrda Aşgabat şäherinde «Arabaglanyşyk: SPEKA sebitinde
durnukly ulag we ösüş hem-de söwdanyň ýeňilleşdirilmegi» mowzugy boýunça
SPEKA-2019 Ykdysady forumy geçirildi.
Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň
Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa
we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen
bilelikde guralan foruma, halkara guramalaryň yolbaşçylary we hünärmenleri,
SPEKA-nyň agza-döwletleriniň wekilleri, maliýe guramalaryň, şeýle-hem
Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň we ministrlikleriniň wekilleri
gatnaşdylar.
Forumda çykyş eden Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady
komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň, ESKATO-nyň Ýerine ýetiriji
sekretarynyň, şeýle-hem Türkmenistandaky BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň
wekilleri Türkmenistanyň konstruktiw sebitleýin we halkara gepleşigini ösdürmek
işinde eýeleýän möhüm orny barada aýtdylar. Şeýle-hem özara hyzmatdaşlygyň
esasy ugurlarynyň arasynda söwda we ulag ulgamlarynyň ýer alýandygy nygtaldy. 
Çärä gatnaşyjylar söwda gatnaşyklaryny alyp barmagyň kadalaşdyryjy
tertibini ýenilleşdirmek hem-de ulag ulgamlarynyň arabaglanyşygyny ösdürmek
mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Taraplar sebitleýin bazarlara
elýeterliligi ýenilleşdirmek, şol sanda hem üpjünçiligiň serhetara torlarynyň
sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen öz tekliplerini we maslahatlaryny
berdiler. Bu tagallalaryň SPEKA-nyň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň Ýewropa we
Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky arabaglanyşygyny güýçlendirmäge gönükdirilip,
bularyň öz nobatynda sebite täze maýa goýumlarynyň, tehnologiýalaryň we
innowasiýalaryň çekjekdigini bellenildi.
Forumyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar SPEKA-nyň sebitinde
arabaglanyşygy pugtalandyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň kadalaryny,
standartlaryny we maslahatlaryny ulanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda
böwetleri azaltmak boýunça «Aşgabat Başlangyjyny» kabul etdiler.