Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama
tapgyrynda üçünji ýeňşini gazanmagy başardy.
Şu gün paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçirilen duşuşykda
ýygyndy toparymyz Şri-Lankanyň milli ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe
sezewar etdi.
Ýygyndymyza ýeňiş getiren toplary Abdy Bäşimow (44-nji minut) bilen
Altymyrat Annadurdyýew (59-njy minut) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Bu günki gazanan ýeňşinden soň 9 utuk toplan ýygyndy toparymyz “H”
toparçada birinji orna geçdi. Bir duşuşygy az geçiren Koreýa Respublikasy 8 utuk
bilen ikinji, 7 utukdan toplan Liwanyň hem-de KHDR-iň ýygyndylary üçünji,
dördünji orunlary eýeleýärler. Şri-Lankanyň milli ýygyndysy häzirlikde utuk
toplap bilmedi.
Milli ýygyndymyz dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyryndaky
nobatdaky duşuşygyny 2020-nji ýylyň 26-njy martynda Koreýa Respublikasynyň
ýygyndysynyň garşysyna myhmançylykda geçirer.