Aşgabatda 5-12-nji noýabr aralygynda Halkara pul gaznasynyň (HPG)
Nataliýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş saparynda boldy. Birleşen
Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasynyň wekiliýetiniň nobatdaky
saparynyň maksady Türkmenistandaky häzirki makroykdysady we maliýe
ýagdaýyna baha bermekden, ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan
hem-de maslahatlary, şol sanda pul – maliýe ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny
ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Iri maliýe guramasynyň bilermenleri ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň,
işewürler hem-de diplomatik toparlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary 
hem-de geňeşmeleri geçirdiler, olaryň barşynda halkara bilermenleri hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda
amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy netijeleri bilen
tanyşdyryldy.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna hem-
de pul-karz syýasatynyň möhüm ugurlaryna seljerme berildi, hasabatlara garalyp,
olaryň esasynda makroykdysady çaklamalar düzülýär.
Sapar tamamlanandan soňra HPG-niň wekiliýeti öz saýtynda maglumat
habaryny beýan etdi, onda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiň strategiýasyny maýa
goýumlaryň hem-de importuň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň we eksporty
höweslendirmegiň, maksatlaýyn ýeňillikli karzlary bermegiň, şeýle hem bu
strategiýadan gelip çykýan halkara amallarda we töleglerde daşary ýurt pulunyň
giň gerimli gözegçilik çäreleriniň hasabyna amala aşyrmagy dowam etdirýändigi
bellenilýär.
Bularyň ählisi bilermenleriň pikirine görä, 2019-njy ýylda ýurdumyzyň jemi
içerki önüminiň ösüş derejesiniň 6,3 göterime ýetiriljekdigini çaklamaga
mümkinçilik berýär.
HPG-niň wekiliýetiniň geljekki sapary 2020-nji ýylyň mart aýyna
meýilleşdirildi.