Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň on aýynyň netijelerine bagyşlanan mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkara söwdasyny has-da artdyrmak meselesiniň üstünde işlemegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu harytlary daşary ýurtlarda mahabatlandyrmak işleriniň gerimini giňeltmek hem-de Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da gowulandyrmak boýunça hem zerur çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany gyş paslynyň ýetip gelýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlar bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere hem-de mejlise çagyrylan söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini güýçlendirmegiň möhümdigini aýdyp, hususy ulgamyň döwlet tarapyndan mundan beýläk-de goldanyljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz soňky döwürde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekillerine örän iri taslamalaryň birnäçesiniň ynanylandygyny aýdyp, şolaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli durmuşa geçirilmelidigini nygtady.