13-14-nji noýabrda Aşgabatda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň
gurnamagynda okuw maslahaty geçirildi. Žurnalistika bilimine bolan döwrebap
çemeleşmeler maslahatyň baş temasy bolup çykyş etdi. Bu iki günlük çärä dört
ýokary okuw jaýyndan žurnalistika mugallymlary, çap, teleradio we onlaýn
KHBS-den žurnalistler, şeýle-de Adalatçynyň diwanyndan, Bilim ministrliginden
we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralaryndan  wekiller gatnaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar berşi ýaly, okuw maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, Merkeziň ýolbaşçysy Natalýa Drozd žurnalistika hünäriniň
erkinligini, pikiriňi beýan etmegiň azatlygyny öňe sürmek boýunça ÝHHG
gatnaşyjy döwletleriň ählisiniň borçlary barada belledi we ÝHHG-niň Merkezi
Aziýa sebitinde gurnan birnäçe çäreleri barada aýtdy.  
Halkara KHBS meselelerini derňeýjileriň Assosiasiýasynyň Maslahat beriş
geňeşiniň agzasy Pal Tamaş žurnalistika biliminde döwrebap akymlar, žurnalistiň
endikleri, şeýle hem, KHBS-niň täze işewür-nusgalary we žurnalistika etikasyna
bolan garşylyklar barada aýdyp berdi.
Demokratiýa we kanun hökümdarlygy Merkeziniň direktory, şol bir wagtda
Halkara media assosiasiýasynyň agzasy T.Şewçenko söz azatlygy we žurnalistika
fakultetinde öwredilýän şoňa meňzeş beýleki dersler boýunça modullary işläp
düzmek babatdaky öňdebaryjy tejribesi bilen paýlaşdy.       
Gatnaşyjylar Türkmenistanda žurnalistika biliminiň özgerdilmeginiň geljekki
ugurlary we Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin
Hereketleriň Milli Meýilnamasynda göz öňünde tutulan söz azatlygy baradaky
moduly işläp düzmek babatdaky amatly çemeleşmeler barada pikir alyşdylar.