Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde 19-njy noýabrda
paýtagtymyzda duşuşýan Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň milli
ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasy baş tälimçileriň gatnaşmagynda
metbugat ýygnagy geçiriler.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly,
metbugat ýygnagy 18-nji noýabrda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynyň
konferensler zalynda geçiriler. Metbugat ýygnagy 12:00-da başlanar.
Ýeri gelende bellesek, dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama oýnunyň
altynjy tapgyrynyň çägindäki duşuşyk 19-njy noýabrda geçirilip, onda
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary   Şri-Lankanyň milli
ýygyndysyny kabul eder.
16:00-da başlanjak bu duşuşyk paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda
geçiriler.