Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Gaziantep şäherinde Naim
Süleýman oglunyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen Agyr atletika
boýunça halkara ýaryşynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldy.
Bu wekilçilikli ýaryş geljek ýylyň tomsunda Tokioda geçiriljek Olimpiýa
oýunlary — 2020-ä çykmak üçin saýlama tapgyr boldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina
Şermetowa 55 kilograma çenli agram derejesinde tapawutlandy. Ol iki
synanyşygyň jemi boýunça 190 kilogramy göterip, hormat münberiniň
ýokarky derejesine galmagy başardy. Şunlukda, türgen gyz silkip we itekläp
götermekde degişlikde 87 we 113 kilogramy göterip, oňat netijeleri görkezdi.
Seýtjan Mirzaýew 61 kilogram agram derejesinde kümüş medala eýe boldy.
Şeýlelikde, Lebap welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň
Dänew şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi ýaryşlaryň jemi boýunça
265 kilogram toplady. Biziň türgenimiz silkip götermekde (122 kilogram)
öňdäki, itekläp götermekde bolsa (143 kilogram) ikinji orny eýelemegi
başardy.