Dünýä çempionaty 2020-niň saýlama tapgyrynyň çägindäki  duşuşykda
Türkmenistanyň milli ýygyndysy «Köpetag» stadionynda (Aşgabat) KHDR-iň
ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Bu barada msy.gov.tm saýty habar
berýär.
Duşuşygyň 23-nji minutynda Mihail Titow hasaby açdy. 76-njy minutda
Arslanmyrat Amanow hasaby 2:0-a ýetirdi.
Gyrgyzystanyň çempionatynyň iň netijeli hüjümçisi Wahyd Orazsähedow 88-
nji minutda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna uly hasap bilen ýeňiş gazanmaga
mümkinçilik döretdi.
Emma eminiň goşan goşmaça wagtynda demirgazyk koreýalylaryň
«Ýuwentusda» çykyş edýän oýunçysy Han Kwang Sonuň tora salan pökgüsi bu
oýunda derwezä girizilen iň soňky gol boldy.
Bu oýundan soňra Türkmenistan 6 utuk toplap, öz toparçasynda 3-nji orna
geçdi.