Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim we sport baradaky özgertmeleriniň esasynda ýurdumyzyň ýaş neslimizi milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, bäsleşige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek, bilim syýasatynyň esasy maksadydyr. 

Döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň sanly tehnologiýalary babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamanyň döwrebaplaşdyrylmagyny, talyp ýaşlaryň häzirki zaman ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanyşynda düýpli özgertmeler geçirilýär. Şonuň esasynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu möhüm resminama ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlary döwrebap okatmak, şeýle hem bilim bermegiň täze usulyna geçmek işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýär. Şol sanda türkmen ýaşlary okamaga, bilim almaga diýseň höwesli. Olaryň dil öwrenmekde, täze tehnologiýalary özleşdirmekde ussatlyklaryny göreniňde buýsanjyň artýar. Ynha, bu günki günlerde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda gurnalan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem gatnaşdy. Bilim, sport temalary boýunça nakgaşlyk, grafika, heýkel, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam eserleri hödürlenildi. Täze şäher taslamasyny Autodesk 3ds Max programmada işlemek, Adobe InDesign programmasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň kitabyny işläp görkezmek, alabaýyň heýkelini plastilinden ýasamak işleri ýerine ýetirildi. Origami sungaty boýunça Dizaýn kafedrasynyň talyplary Aýgözel Ataýewa we Ogulmaral Täçmyradowa kagyzdan kepderiniň we dürli görnüşdäki gülleriň şekilleriniň ýasalyş usullaryny görkezdiler. Origami sungaty özüniň gelip çykyşyny Gadymy Hytaýdan alyp gaýdyp, Ýaponiýa, Koreýa, Germaniýa, Ispaniýa ýurtlarynda ýaýraýar. Origaminiň nusgawy görnüşi dörtburçly kagyzlardan eplenilip ýerine ýetirilýär. Talyplaryň ýerine ýetirýän dizaýn eserleri parahatçylygyň, dost-doganlygyň nyşany hökmünde sergä gelen tomaşaçylary özüne çekdi. 

Il saglygy ýurduň baýlygy bilen deňelýän döwletde ýaş nesliň ruhy kämilligini bilim-terbiýe, ylym, hünär bilen kämilleşdirmek işi olaryň beden saglygyny gorap saklamak babatdaky aladalar bilen utgaşdyrylýar. Ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen türgenleşseler, öz saglyklaryny berkiderler. Bu bolsa biziň akyl-paýhasymyzyň hem ösmegine uly täsiri bardyr. 2019-njy ýylda kikboksing sport oýny boýunça geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medala eýe bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Grafika kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Akmyrat Akyýewiň sport temasy boýunça grafika işini ýerine ýetirip duran pursady sergä gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, milli sporty we syýahatçylyk ugurlaryny belentliklere galdyrmak, talyp-ýaşlaryň tejribelerini we başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň bu ugurdan alyp barýan işi uly hemaýat berýär. Talyplaryň öz döredijilik eserlerinde Watanyna, halkyna bolan üýtgeşik duýgulary bilen öz beýanyny tapýarlar. Şol esasda hem sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplarynyň we uçurymlarynyň – Bahar Gylyçlyýewanyň, Bezirgen Gurbannurowyň, Kakageldi Babaýewiň, Merdan Jumalyýewiň, Ogulşirin Bugraýewanyň, Şemşat Nepesowanyň, Jeren Çaryýewanyň sporta we bilime bagyşlanan döredijilik eserleri sergide goýuldy.

“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça nusgalyk ösüşler gazanylýandygyny “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisinde görkezilen işler subut edýär.  

Bahar Magtymowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyňöwreniji mugallymy