14-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “GDA gatnaşyjy
döwletleriň terrorçylyga garşy göreşmek babatyndaky hyzmatdaşlygy: umumy
çagyryşlar we howplar” temasy boýunça geňeşmeler geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşyga Ermenistan
Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa
Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan
Respublikasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ygtyýarly
wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar howpsuzlygyň global we sebit derejedäki garşylyklaryny we
howplaryny ara alyp maslahatlaşdylar, halkara guramalaryň çäklerinde
terrorçylyga garşy göreş boýunça bilelikdäki işi giňeltmek mümkinçiligine seredip
geçdiler. BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň terrorçylyga garşy göreş
babatda halkara hyzmatdaşlykdaky orny hem-de maliýe goldawy  hakynda bellenip
geçildi. Taraplar GDA-nyň we onuň pudak edaralarynyň strategiki hyzmatdaşlyk
üçin esasy meýdan hökmünde wajypdygy barada aýtdylar. Gatnaşyjy ýurtlaryň
degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliginiň, şeýle-de
gerekli hukuk kömeginiň berilmeginiň üstünde durlup geçildi.    
Şeýle hem, taraplar ekstremizme, ilaty radikallaşdyrmaga we terrorçylygy
maliýeleşdirmäge garşy göreşmek maksatly öňüni alyş çäreler barada pikir
alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, raýat jemgyýetçiliginiň we köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň bu meselä çekilmeginiň zerurlygy bellenildi. Bolup biljek
howplara wagtynda seslenmek üçin döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly
ýörite okuwlary geçirmek mümkinçiligine seredildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar “GDA gatnaşyjy döwletleriň terrorçylyga garşy
göreşmek babatyndaky hyzmatdaşlygy: umumy çagyryşlar we howplar” temasy
boýunça geňeşmeleriň Teswirnamasyny kabul etdiler.