2019-njy ýylda edermen daýhanlar Watan harmanyna «ak altynyň» 1 million
50 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Boýun alan borçnamalaryny abraý
bilen ýerine ýetirip, ýurdumyzyň ekerançylary ýetişdirilen hasylyň hemmesini
ýygnap almak ugrunda zähmet depginlerini peseltmän işleýärler.
8-nji noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap,
Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçylarynyň
pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine
ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.
Oba hojalyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we köpugurly esasda
ösdürilmegine, daýhanlaryň zähmetini ykdysady taýdan höweslendirmegiň
gurallarynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy
kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň hasabyna pudagy
tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary we ylmy
işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak çäreleri işjeň dowam edýär.
Şu ýyl gowaça ösdürip ýetişdirmäge ilkinji gezek hususy önüm öndürijiler hem
girişdiler. Olara milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlarda oba hojalyk
ähmiýetli döredilen ýörite ýer gaznasyndan ýer bölekleri bölünip berildi.