Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 1-nji noýabrdan başlap, “VISA
Classic Syýahat” we “MasterCard Standard Syýahat” täze halkara bank kartlaryny işe
girizdi. Bu barada Biznes Türkmenistan saýty habar berýär.
Bank tarapyndan ýaýradylan bildirişe görä, bu kartlardan 24 sagadyň dowamynda nagt
görnüşinde 200 ABŞ dollary alnyp bilner, şeýle hem nagt däl görnüşinde
çäklendirilmedik möçberde hyzmatdan peýdalanmaga rugsat berilýär.
Täze kartlaryň hasaby fiziki şahslar tarapyndan öz hususy daşary ýurt walýutasyndaky
serişdeleriniň we şoňa deňeşdirilen tölegleriň hasabyna nagt dolduryp bilner.
Serişdeleriň gelip çykyşy baradaky beýan talap edilmeýär.
Syýahat kartlary bäş ýyllyk möhlet bilen çykarylyp, 100 ABŞ dollary ätiýaçlandyryş
goýumy hökmünde alnar. Daşary ýurt banklaryny we bankomatlaryny ulanmak arkaly
alnan nagt pul möçberiniň 3%-i hyzmat tölegi hökmünde saklanylýar.
Daşary ýurt söwda nokatlarynda geçirilen nagt däl hasaplaşyklarda bolsa, bu göterim
0.5-e çenli azalýar.
Döwlet daşary ykdysady iş banky ozal “MasterCard” halkara töleg kartlarynyň dört
görnüşini we “Visa” halkara töleg kartlarynyň bolsa üç görnüşini hödürleýärdi.