Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama oýnunyň bäşinji tapgyrynyň çäginde
geçiriljek duşuşygy 14-nji noýabrda geçirilip, onda Türkmenistanyň futbol
boýunça milli ýygyndy topary   KHDR-iň ýygyndy toparyny kabul eder. 19-njy
noýabrda bolsa Türkmenistanyň futbol boýunça milli  ýygyndy topary altynjy
tapgyryň çäginde Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparyny kabul eder. Bu barada
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.
Ýakynda horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler
düzümi Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň dünýä çempionaty – 2022-niň
saýlama tapgyrynda geçirjek duşuşyklaryna gatnaşjak oýunçylar düzümini
tassyklady. Bu düzüme ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň toparlarynda çykyş
edýän oýunçylaryň 25-si girizildi.
Çagyrylan oýunçylaryň 21-siniň ýurdumyzyň futbol çempionatynda, 4-siniň
bolsa daşary döwletleriň futbol çempionatlarynda çykyş edýändiklerini
ýatladýarys.
16:00-da başlanjak duşuşyklaryň ikisi-de paýtagtymyzdaky “Köpetdag”
stadionynda geçiriler.
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň sanawy:

Familiýasy, ady Futbol kluby
Annagulyýew Güýçmyrat “Aşgabat” FK
Amanow Arslanmyrat “Lokomotiw” FK Özbegistan Respublikasy
Annadurdyýew Altymyrat “Altyn Asyr” FK
Annaorazow Serdar “Ahal” FK
Aşyrow Gurbanguly “Ahal” FK
Aşyrow Mekan “Altyn Asyr” FK
Babaýew Batyr (d) “Ahal” FK
Bäşimow Abdy “Ahal” FK
Babajanow Zafar “Altyn Asyr” FK
Diniýew Meýlis “Köpetdag” FK
Durdyýew Didar “Ahal” FK
Geldiýew Serdar “Altyn Asyr” FK
Gurbani Amir “Nagaworld” FK Kamboja Patyşalygy
Hojaýew Resul “Altyn Asyr” FK
Japarow Rahat (d) “Köpetdag” FK
Magtymow Yhlas “Şagadam” FK
Mingazow Ruslan “Irtyş” FK Gazagystan Respublikasy
Orazmuhammedow Mämmet (d) “Altyn Asyr” FK
Orazsähedow Wahyt “Dordoý” FK Gyrgyz Respublikasy
Saparow Mekan “Altyn Asyr” FK
Seýitmuhammedow Döwletmyrat “Köpetdag” FK
Saparmämmedow Yhlas “Ahal” FK
Titow Mihail “Altyn Asyr” FK
Ylýasow Wezirgeldi “Ahal” FK
Ýakşiýew Murat “Altyn Asyr” FK