Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew
adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde adatdan daşary ýagdaýlaryň
dörän halatynda özüňi alyp barmagyň kadalary boýunça okuw sapagy geçirildi.
Sapagy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş
işleri müdirliginiň tejribeli halasgärleri geçirdiler. Bu barada «Milli goşun»
elektron žurnaly habar berýär.
Öz işine ezber halasgärler harby okuwçylara ilki bilen garaşylmadyk
hadysalaryň adamyň bedenine we aňyna nähili täsir edýändigini düşündirdiler.
Şeýle ýagdaýlarda  özüňi nähili alyp barmalydygyny öwretdiler. Sapagyň
çäklerinde ýetginjeklere halas edijileriň esasy tärleri öwredildi we gözleg-halas
ediş işleriniň geçirilişi görkezildi.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş
işleri müdirliginiň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän görkezme
sapaklary orta we ýokary okuw mekdeplerinde, kärhanalarda, önümçilik we
beýleki desgalarda hem ýygy-ýygydan geçirilýär.