6-njy noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen
Italiýa Respublikasyna ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Fýumiçino Halkara
howa menziline gondy. Italiýanyň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda, Rimiň
günorta-günbatar gapdalynda ýerleşýän bu iri howa menzili meşhur suratkeş
we alym Leonardo da Winçiniň adyny göterýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri,
şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşylaýarlar.
Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni howa menzilinden kaşaň «Rome
Cavalieri» myhmanhanasyna ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza saparyň
dowamynda bölünip berlen kabulhana ýerleşýär.
7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we Premýer-
ministr Juzeppe Konteniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler.
Şolaryň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp
maslahatlaşylar.
Ýokary derejedäki duşuşyklaryň öň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň
tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Italiýanyň
işewürler toparlarynyň wekilleri bilen, şol sanda Milanda geçirilen işewürler
forumynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Şolarda özara söwdanyň
mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak, energetikada, ulag-kommunikasiýa
toplumynda, oba hojalygynda, telekeçilikde we beýleki ugurlarda
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk
binýadyny has-da pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalaryň uly
toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.