2019-njy ýylyň 14-nji we  19-njy noýabrynda Dünýä çempionaty – 2022-niň
hem-de Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşýan
Türkmenistanyň Futbol boýunça milli ýygyndysynyň oýunlarynyň petekleriniň
satuwyna badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň
saýty habar berýär.
Futbol boýunça milli ýygyndy toparymyzyň KHDR-iň hem-de Şri-Lankanyň
milli ýygyndylarynyň garşysyna geçirýän duşuşyklarynyň peteklerini
paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynyň satuw nokatlaryndan alyp bilersiňiz.
Petekleriniň bahasy hem 10 manat.
Ýeri gelende bellesek, dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama oýnunyň bäşinji
tapgyrynyň çäginde geçiriljek duşuşygy 14-nji noýabrda geçirilip, onda
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyny topary   KHDR-iň ýygyndy toparyny
kabul eder. 19-njy noýabrda bolsa Türkmenistanyň futbol boýunça milli  ýygyndy
topary altynjy tapgyryň çäginde Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparyny kabul eder.
16:00-da başlanjak duşuşyklaryň ikisi-de paýtagtymyzdaky “Köpetdag”
stadionynda geçiriler.