Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini iki tapgyrda döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Birinji tapgyrda şertnamalary biržada bellige almak hyzmatlaryny elektron görnüşinde internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ulgamyň girizilmegi bilen, birža hyzmatlaryny «onlaýn» tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik dörediler. Bu ulgam resminama dolanyşygynyň döwrebap usullaryny ýola goýmak bilen, iş öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, şertnamalary bellige almagyň möhletini çaltlandyrmaga, maglumatlaryň ygtybarly elektron binýadyny döretmäge ýardam eder.

Ikinji tapgyrda birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmegi ornaşdyrmak teklip edilýär. Birža söwdalarynyň «onlaýn» tertibinde guralmagy söwda gatnaşyjylara birža barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden sanly ulgam arkaly gatnaşmaga mümkinçilik döreder. Bu bolsa bäsleşikli söwdalara köp sanly alyjylaryň gatnaşmagyna we harytlaryň amatly bahalarynyň emele getirilmegine, eksportyň möçberiniň artmagyna ýardam eder.

Döwlet Baştutany wise-premýere Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň üstünde ýene-de işlemegi tabşyrdy.