1-2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri, ýurdumyzyň hormatly myhman hökmünde çagyrylan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkent şäherinde boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Mejlis 2-nji noýabrda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ŞHG-niň çäklerindäki maýa goýumyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berdiler.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belläp geçdiler.