2015-nji ýylda Fransiýanyň paýtagtynda dünýäniň 195 döwleti howanyň üýtgemegi boýunça tagallalary birleşdirmek we kömürturşy gazlarynyň atmosfera zyňylmagyny çäklendirmek boýunça ilkinji gezek ylalaşdylar. 5-nji noýabrda ABŞ Pariž ylalaşygyndan çykmak boýunça resmi prosesi başlaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Maýkl Pompeo beýan etdi. Resmi habarnama BMG iberildi, diýip euronews agentligi habar berýär.
bu başlangyç bilen baryp 2017-nji ýylyň iýunynda amerikan Lideri Donald Tramp çykyş edipdi. Şol wagt ol bu ylalaşygyň işewürlik we salgyt töleýjiler üçin göze ilmeýän ykdysady borçnamalary ýükleýändigini, milli senagat zyýan ýetirýändigini we iş orunlarynyň azalmagyna getirýändigini belledi.
Resmi ýagdaýda ylalaşykdan çykmak prosedurasy 2020-nji ýylyň 4-nji noýabrynda tamamlanar.
ABŞ bug gazlarynyň atmosfera zyňylmagy boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär. Birinji ýerde – Hytaý durýar.