6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hökümet mejlisinde sapara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa döwletleri, şol sanda Italiýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Watanymyzyň yzygiderli amala aşyrýan daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Habar berlişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. 2013-nji ýylda Türkmenistanda Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy açyldy, 2016-njy ýylda bolsa Italiýada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy.

Hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna okgunly häsiýet mahsusdyr. Söwda-ykdysady ulgamda türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Nebitgaz we dokma senagatynda, beýleki pudaklarda Italiýanyň işewür toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň iri senagat we düzüm desgalary döwrebap italýan enjamlary bilen üpjün edildi. Şonuň bilen birlikde, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin wajyp ugurlaryň hatarynda ulag hem-de aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we ýeňil senagat, innowasion tehnologiýalar ulgamlary bar. Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, bu ulgamda bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça däbe öwrülen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Italiýadan gelen mugallymlaryň gatnaşmagynda italýan dili okadylýar.