«Türkmenpoçta» Döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy 2020-nji ýyla abuna
ýazyylşygynyň çäklerinde «Gazetlere we žurnallara abuna ýazylşygynyň» täze
elektron programmasy arkaly müşderilere hyzmat etmegi gurady. 
Ýakyn wagtda «Türkmenpoçtanyň» turkmenpost.gov.tm saýtynda onlaýn-
abuna ýazylşyk hyzmaty işläp başlar, onuň kömegi bilen okyjylar öýünden
çykmazdan gazetlere we žurnallara ýazylyp bilerler. 
«Türkmenpoçta» Döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýylsaýyn internet-
hyzmatlarynyň çägini giňeldýär. Saýtda şeýle hem trek-san belgisi arkaly poçtadan
ugradylýanlara gözegçilik etmäge, şeýle hem korrepondensiýalary we posylkalary
ibermek üçin onlaýn düzgünde çaparlary çagyrmak bolýar. 
Demir ýol peteklerini satyn almak, jemagat hyzmatlary üçin tölegleri tölemek,
Bütindünýä poçta birleşigine girýän dünýäniň islendik ýurduna çaltlaşdyrylan
poçta ugratmalaryny ibermek ýaly hyzmatlaryň hem kompaniýanyň hyzmatlaryna
girýändigini ýatladýarys. Mundan başga-da, «Türkmenpoçtanyň» saýtynda nagt
däl görnüşde töleg geçirmek we harytlary öýe getirmek hyzmatlaryndan
peýdalanmak mümkinçiligi döredildi.