Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary milli Liderimiziň adyndan paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedleri gowşurdylar.

Täze nusgadaky welosipedler ozal döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde sowgat berlipdi. Olary çagalara gowşurmak karary — hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil, Watanymyzyň geljegi hakynda atalyk aladasynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Döwletliler köşgüniň ýaş eýelerine dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy, bu bolsa çagalar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Ýadygärlik üçin bilelikde surata düşenlerinden soň, çagalar welosipedlere münüp, şäherjigiň çäginde höwes bilen aýlandylar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyna ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Şanly waka mynasybetli guralan baýramçylyk köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen dowam etdi. Şol ýörişde ýaş welosipedçilere köp sanly türgenler we talyplar, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary goşuldylar.

Döwletliler köşgünden badalga alan bu özboluşly welosipedli ýörişiň ugry paýtagtymyzyň iri şaýollaryndan — Arçabil şaýoly hem-de Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça Garaşsyzlyk meýdanynda ýerleşen Döwlet münberine çenli geçdi. Sport çäresine köp sanly gatnaşyjylaryň barýan ugrunda olary döredijilik toparlary ajaýyp çykyşlary bilen mübäreklediler. Ýeri gelende aýtsak, welosipedleriň ýene-de ikisini milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Prezident muzeýi bölümine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze gurulýan binasynda ýerleşdiriljek muzeýe gowşurdy.