28-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, baýramçylyk senelerine we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleler girizildi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony has-da abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek we arassaçylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalarda işleriň depgini barada hasabat berdi.
Maslahatyň dowamynda welaýat häkimleri ýerlerdäki işleriň ýagdaýy hususan-da, ak ekinlere arotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdiler.
Welaýatlarda gurulýan, şol sanda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Hasyl toýy mynasybetli guraljak çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutany möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygy barada aýdyp, şunda işleriň ýokary hiliniň, desgalaryň bellenen möhletde tamamlanmagynyň hem-de täze gurluşyklaryň halkara ölçeglerine kybap gelmeginiň esasy talapdygyny nygtady.
Türkmen Lideri sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçip, welaýatyň gyş möwsümine degişli durmuş üpjünçiligini öz wagtynda taýýarlamak hem-de Hasyl toýuny mynasyp derejede guramak boýunça meseleleriň çözülişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň barşy, hususan-da, ýetişdirilen pagta hasylyny ýytgisiz ýygnap almagyň depginini çaltlandyrmak hem-de ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň netijelerini jemläp, garalan meseleleriň we öňde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleriň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.