B.Orazow, Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby

Arada kiçijik kitaphananyň deňinden geçip barýardym-da, kitaphananyň garawulyny görüp içimi hümletdim: “päh-eý, nähili bagty çüwen adamdyr! Uly bir hazyna sakçylyk edýär. Gijesini kitaplar bilen hümer ýasap geçirýändir. Üstesine kitap okaýany üçin “hakam” alýandyr… ” Ýöne, näme üçindir golaýlaberdigimçe pikirim üýtgäberdi: “Kitaplara düşünýän adam bolsa, kitaphanada garawul bolmazdy, sypatam kän bir kitap okaýan adama meňzänog-a, jübi telefonyna dümtünip oturyşyn-a bir sered-ä” diýip, pikir etdim. *** ―Mugt maslahatyňyz üçin sag boluň! ―Sen onuň mugtdygyny nireden bilýäň?! *** Gapyň açarynyň elimdedigini bilmän bütin öýi agdar-düňder edip ýörmegim huşsuzlygymdan bolýan bolsa, elimizdäki bagt açaryny tapmak üçin dünýäni harsal edip ýörmämiz nämedenkä?! *** Troýa filminde bir çaga Ahilese uruşmaly garşydaş pälwanynyň şeýle bir äpetdigini, Ahilesiň ýerine özi bolan bolsa-ha eýmenjekdigini aýdýar. Ahiles bolsa: ―Beýle bolsa sen näbelli bolup galarsyň ―diýip, ýola düşýär. *** Futbol oýnamaga birinji gezek gelen (oba) oglanyň iç gepletmesi. “Bäh, bu nähili geň oýun-aý. Pökgi meýdançadakara bary bir pökgüň üstüne gyzyl tozan bolýalar. Pökgi meýdançaň daşyna gitse welin, men ýaly biri getirmese şol garaşyp durlar…” *** Öňräk obada bir adamyň sygryny urup, sürä goşup barýanyny görüp, şäherli rus gyzyň öz pişijegini esli pul berip operasiýa etdireni ýadyma düşdi. Nämemiş maşgalasynyň bir agzasymyş. Et, süýt bermeýäni üçin pişigi uraýmaly ýaly weli… *** Adamyň ýüregi hem edil çäge ýalydyr. Oňa bir bulgur awyňy pürkersiň, dessine özüne sorar. Soň yzyna damjasyny alyp bilseň, alda… *** Käte durmuşymyzda käbir adamlaryň belli senelere, ýatda galyjy wakalara “ömrüňde ýeke gezek bolýar”, “şeýle waka indi gaýtalanmaz” diýen ýaly sözlerini ýygy-ýygydan eşidip gynanýarsyň. Geçen zadyň gaýdyp gelmejegi hemmä-de mälim, emma Gurbannazar Ezizowyň: “Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde, Ýaşamagam iki gezek berlenok.” ― diýşi ýaly islendik waka-da, pursat-da, belli bir gündäki bolýan sagatlaram, minutlaram, hatda sekuntlaram adam ömründe birje gezek gaýtalanýar. Emma şol minutlary ýatda galyjy pursada öwürmek bolsa özümize bagly. *** Balzak: “Garaşmagy başarýan adamlar üçin ähli zat wagtynda gelýär” diýýär. Biz bolsa bu ajaýyp sözleri köplenç çalşyp ulanýarys. Ýaltalyk bilen sabry bir zatdyr öýdüp ýörüs.