22-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergisi we
maslahaty öz işine başlady. Olaryň esasy wezipesi dünýä jemgyýetçiligini
ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünlikleri bilen
tanyşdyrmakdan, ýetilen sepgitlere baha bermekden, innowasion
tehnologiýalary we taslamalary tanyşdyrmakdan, tejribe alyşmakdan hem-de
halkara hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmekden ybaratdyr.
«Türkmennebit» döwlet konserni hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan
guralan forum alymlary we bilermenleri, hökümet düzümleriniň hem-de
abraýly guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika
kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we
ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere
jemledi.
Şu ýyl Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň 60-
dan gowragy öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Şolaryň köp bölegi Azerbaýjan
Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Koreýa
Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň,
Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Russiýa Federasiýasynyň,
Singapuryň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýe Respublikasynyň,
Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarydyr.
Ýöriteleşdirilen sergide uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, gazyp almak
hem-de ibermek, düýpli burawlamak, hereket edýän turbageçirijilerini
döwrebaplaşdyrmak we şolaryň täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan
işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň önüm berijiligini
köpeltmek babatda önümleriň hem-de hyzmatlaryň giň gerimi görkezildi.
Sergide Hazarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur kenar
düzümleriniň kemala getirilmegi baradaky ugurlara aýratyn orun berildi.
Esasy gatnaşýanlaryň hatarynda «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet
konsernleri, pudaklaýyn kärhanalaryň 10-dan gowragy hem-de ýangyç-
energetika toplumynda işleýän hususy telekeçileriň 12-si bar.
Günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan maslahatda energetika bazarlarynyň
ösüşinde ählumumy ýagdaýlar hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi, bar bolan
känleri işlemek, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar
deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmek üçin nebit we gaz
känlerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy.
Umumy mejlisiň esasy meseleleriniň hatarynda Türkmenistanyň energetika
diplomatiýasy, transmilli turbageçiriji taslamalar, gazhimiýa we nebiti
gaýtadan işleýän pudaklaryň ileri tutulýan ugurlary, uglewodorodlaryň düýpli
gaýtadan işlenilmegi diýen ugurlar boldy.
Forum gatnaşyjylaryň 400-den gowragyny, şol sanda daşary ýurtlaryň
wekilleriniň 280-sini bir ýere jemledi, olar ýangyç-energetika toplumynyň
halkara, sebit we ýurdumyz derejesindäki senagatynyň geljekdäki

strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan tanyşdyrmalar, dünýäniň nebit
bazaryndaky, bu ulgamdaky marketing strategiýalaryndaky işleriň ýagdaýy
baradaky synlar bilen tanyşdyryldy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» halkara sergisi we maslahaty 24-nji
oktýabra çenli öz işini dowam eder.