21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary başlandy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde şu gezekki saparyň möhümdigi barada aýtmak bilen, Ýaponiýa bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň taraplaryň hoşniýetli erk-islegine esaslanýan hem-de anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydygyny kanagatlanma bilen belledi.

Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň giň ugurlary açylýar. Ýaponiýanyň kompaniýalary Mary welaýatynda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid dökünleriniň önümçiligi boýunça, Gyýanlyda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça, Ahal welaýatynda bolsa tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki ýangyç-benzin önümçiligi boýunça dünýäde ilkinji zawod ýaly iri senagat toplumlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler.

Ulag-kommunikasiýa hem logistika, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikler bar, bu ugurda tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli bolar.

Ynsanperwer ulgamy, şol sanda ylym-bilim ulgamynda, medeniýet hem sungat, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegini düzýär. Şunda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon bölümini hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallary hökmünde görkezmek bolar. Şolarda Ýaponiýadan gelen tejribeli mugallymlar işleýär. Şeýle hem okuw maksatnamasyna ýapon dili girizilen ýörite orta mekdep işleýär.

Şeýlelikde, strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, geljegi nazarlaýan netijeli türkmen-ýapon işewürlik gatnaşyklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin ähli şertler we ygtybarly binýat döredildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär, şolaryň barşynda giň ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.