Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynyň Wuhan şäherinde geçirilýän VII
Bütindünýä harby oýunlary öz geçiriliş taryhynda iň ulusy boldy. Şu ýyl olara 100-
den gowrak ýurtdan 10 müňe golaý harby türgenler gatnaşýarlar.Olaryň arasynda
ozal dünýäň we Olimpiýa oýunlarynyň çempionlary bolan harby türgenler hem
bar.
«Milli goşun» žurnalynyň habar bermegine görä, 21 – 22-nji oktýabrda biziň
harby türgenlerimiz G.Hemraýew (65 kg) we S.Belliýew (125 kg) oýunlarda erkin
göreş boýunça başarnygyny görkezerler. Harby türgenimiziň garşydaşy hökmünde
dünýäniň iň güýçli türgenleri, şol sanda erkin göreş boýunça 2019-njy ýylyň dünýä
çempiony, Russiýa Federasiýasynyň harby türgeni G.Raşidow (65 kg) hem çykyş
eder.
Bütindünýä harby tomusky oýunlary dünýäde Olimpiýa oýunlaryndan soň iň
uly sport çäresi hasaplanylýar. «Wuhan 2019»-yň çäklerinde sportyň 31
görnüşlerinden dürli ýaryşlar geçiriler. Harby türgenler jemi 329 altyn medaly
eýelemek ugrunda göreşerler.
Her ýyl Halkara harby sport Geňeşiniň 20-den gowrak halkara ýaryşlary we
dünýä çempionatlary «Sport arkaly dostluk» diýen şygaryň astynda geçirilýär.
Olara 140 ýurtdan müňlerçe harby türgenler gatnaşýar. HHSG tarapyndan
gurnalýan tomusky we gyşky Bütindünýä harby oýunlary Olimpiýa oýunlary ýaly
dört ýyldan bir gezek geçirilýär.
2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Halkara harby sport Geňeşiniň
karargähinde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bu Geňeşe resmi taýdan kabul
edilmegi baradaky islegini beýan edýän resminama HHSG-niň Baş sekretary
polkownik Dora Mambi Koita gowşuryldy. Resminamanyň kabul edilmegi
mynasybetli HHSG-niň 2018-nji ýylyň 16-23-nji apreli aralygynda Dominikan
Respublikasynyň Punta-Kana şäherinde geçirilen 73-nji Baş Assambleýasynda
ýurdumyzyň Döwlet baýdagy galdyrylyp, Döwlet senasy ýaňlandyryldy.
Şeýlelikde, mähriban Watanymyz Türkmenistan Halkara harby sport Geňeşiniň
resmi agzasy boldy.