Sanly wideoaragatnaşyk arkaly anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 22 — 24-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Forum «Türkmennebit» döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar. Garaşylyşy ýaly, foruma dünýäniň ençeme ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda ugurdaş kompaniýalaryň, pudaklaýyn düzümleriň, halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Maslahatyň gün tertibine energetika bazarlarynyň ösüşinde ählumumy meýiller hem-de gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, maýa goýum işleri, ýangyç-energetika toplumynyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler giriziler.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, halkara turba geçirijileriniň taslamalaryny amala aşyrmak mowzuklary boýunça pikir alşylar. Forumyň maksatnamasyna laýyklykda daşary ýurtly gatnaşyjylary Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşy bilen tanyşdyrmak ýaly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergi energetika howpsuzlygynyň döwrebap ählumumy binýadyny döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny işjeň ilerletmek nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýär diýip, milli Liderimiz wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we işleri ornaşdyrmak babatda netijeli tejribe alyşmak üçin ähmiýetli çärä öwrüljek, maýa goýumlaryny çekmäge, geljegi uly bolan täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ýardam etjek halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.