4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, şol sanda, Türkmenistanyň agza bolup durýan adam hukuklary boýunça konwensiýalaryň, düzgünnamalarynyň we borçlaryň ýerine ýetirilşini ara alyp maslahatlaşdylar. Myhman adam hukuklaryny goramak we berkitmek boýunça ýurdumyzyň öňdebaryjy proseslere gatnaşmaga taýýardygyny, şol sanda, Adalatçynyň institutynyň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy, okuw meýilnamalarynyň girizilmegini we sebitleýin çäreleriň geçirilmegini belledi.

Türkmenistanyň gender deňligini saklamakda, migrantlara, bosgunlara, raýatlygy bolmadyk adamlara durmuş taýdan kömekleri bermekde eden uly ädimleri nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti 863 sany adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek baradaky Permana gol çekdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň raýatlygyna 14 sany milletiň wekilleri kabul edildiler.

Mundan başga-da, taraplar Adam hukulary we halkara ynsanperwer hukuklary ulgamyndaky Türkmenistanyň halkara borçlarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça pudagara iş toparynyň alyp barýan işleriniň üstünde durup geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugur boýunça şu gün Aşgabatda BMG-niň wekilhanasynda geçirilen “BMG-niň adam hukuklary boýunça edaralarynyň görkezmeleriniň ýerine ýetirilişini nazarda tutmak üçin maglumat tehnologiýalaryň girizilmegi” atly maslahatyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Maslahata iş toparynyň agzalary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň gözegçiligine jogapkär wekiller, şeýle-de, BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň maksady BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynda Türkmenistanyň hasabatlarynyň seljerilişi netijesinde alnan görkezmeleri düzgünleşdirmäge  mümkinçilik berýän ýörite programma üpjünçiligini gatnaşyjylara görkezmekde ybarat boldy. Duşuşygyň netijesinde, taraplar adam hukularyny goramak boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ygrarlydygyny bellediler.