Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Hatyra gününiň dynç gününe düşýändigi sebäpli, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, 2019-njy ýylyň 6-njy oktýabryndaky dynç güni 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirildi.
Şeýle hem şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmegi bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow biz ýekşenbe güni garaşsyzlygymyz, azatlygymyz we bagtyýar geljegimiz ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzy, olaryň ruhuny ýatlarys diýip aýtdy hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, häkimlere, beýleki ýolbaşçylara bu çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.