3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de senagat we kommunikasiýa ministri T.Dürhanowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekow degişli düzümlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek, ýurdumyzyň energetika düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, jemagat hojalygynyň işine täzeçil usullary hem-de senagat toplumynyň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatynyň işiniň netijeliligini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanynyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany degişli senagat we kommunikasiýa toplumlarynda geçirilýän işleriň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekip, bu ulgamlarda sanly ulgamyň hem-de elektron resminama dolanyşygynyň ösdürilmeginiň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, degişli pudaklaryň düşewüntligini ýokarlandyrmak, olaryň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça işleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bar bolan çig mal serişdelerini netijeli we tygşytly peýdalanyp, olary soňra gaýtadan işlemek hem-de taýýar önümleri öndürmek meselelerine hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Senagat we kommunikasiýa ministri T.Dürhanow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, elektron dolandyryş ulgamynyň işini kämilleşdirmek we düzümlere häzirki zaman tejribelerini, sanly tehnologiýany ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, bu ugurlarda alnyp barylýan işler yzygiderli – toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygy hem-de önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, ýerine ýetirilýän işleriň hiliniň gowulandyrylmagyna, pudaklaryň düşewuntliginiň ýokarlandyrylmagyna, netijede bolsa, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýändigi bellenildi.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde paýdarlaryň umumy ýygnagy geçirildi, onuň dowamynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygyny wezipesinden boşatmak we bu wezipä täze ýolbaşçyny bellemek hakynda guramaçylyk çözgütleri kabul edildi. Bu resminama döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarlary esasynda taýýarlanyldy (tdh.gov.tm)