2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň käbir agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, käbir ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda
paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky
işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda Çandybil şaýolunyň ugrunda täze gurulýan desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen Halkara estetiki bejeriş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýan taslamalary hem-de paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamynyň beýleki desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy. Soňra milli Liderimiz şäheriň şu ýerinde gurulýan «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň binasyndaky işler bilen tanyşdy. Desgany bina edýän «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasynyň wekili degişli taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Şeýle hem bu ýerde «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň binasy gurulýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk
Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumynyň, Türkmenistanyň Maslahatlar
merkeziniň binalar toplumynyň, Kabul edişlikler merkeziniň, «Arkadag» kaşaň
myhmanhanasynyň we täze Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşyny gözden
geçirdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.