Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 11-12-nji oktýabr aýy aralygynda sungat gimnastika boýunça Türkmenistanyñ açyk çempionaty geçirilýär. Sungat gimnastikasy owadan sport görnüşleriniñ hataryna girip, bu sport tans we balet tilsimlerini öz içine alýar. Türkmenistanyñ Gimnastika federassiýasy 2012-nji ýylyñ Maý aýynda döredildi we akrobatika, sport, sungat gimnastika bölümlerini öz içine alýar. Biziñ gimnastlarymyz hem sungat gimnastikanyñ dürli şertleri bilen ýaryşarlar. Ähli sport görnüşleri bilen bir hatarda gimnastika sporty hem ösýär we özgerýär. Ýañy ýakynda ýaş gimnastlarymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda öz türgenleşiklerini geçirdiler. Sungat gimnastika sportyna ýurdumyzyñ ýaş nesli uly gyzyklanma bildirýär we uly höwes bilen türgenleşik sapaklaryna ýazylýarlar, sebäbi bu sport bedeniñe peýdaly, göni we owadan ýöremegi öwredýär diýip tejribeli tälimçiler belläp geçýär.