Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi. Paýtagtymyzyň daşky keşbi onuň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyň, halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmündäki derejesini şöhlelendirmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we hökümet agzalaryna degişli görkezmeleri berdi.
Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, şäherde döwrebap we oňaýly gurşawy döretmek meseleleri onuň ekologiýa abadançylygynyň derejesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Aşgabadyň ähli künjeklerinde arassaçylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek hem hökmany talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz okgunly ösýän paýtagtyň keşbiniň özgerýändigine garamazdan, şäheriň taryhy merkeziniň özüniň özboluşlylygyny saklaýandygyny belläp, ýetginjeklik we talyplyk ýyllarynda bu ýere ýygy-ýygydan gelýändigini ýatlady. Ýerli oňaýly seýilgähde baglaryň saýasynda dynç almak hem-de kitap okamak bilen meşgullanmak bolýardy.
Seýilgähler we seýilbaglar paýtagtymyzyň hakyky bezegi, rahatlygyň ýaşyl zolaklary bolmalydyr. Şol ýerde raýatlarymyzyň wagtyny peýdaly geçirmekleri, dynç almaklary, ajaýyp görnüşlere syn etmekleri üçin ähli şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Şunlukda, milli Liderimiz seýilgäh zolaklaryny guramaga döwrebap çemeleşmeleri, landşaft binagärligiň we bezegiň kämil usullaryny ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berip, Aşgabadyň abadançylygyna bildirilýän esasy talaplary kesgitledi.
Şeýle hem Aşgabadyň binagärlik babatda özboluşlylygyny kemala getirmek, ak mermerli paýtagtymyzyň gaýtalanmajak keşbini döretmek üçin kiçi we monumental binagärligiň sazlaşygyny emele getirmek meselelerine içgin we oýlanyşykly çemeleşmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu ugurda geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärligiň däplerini hem-de häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerini şöhlelendirýän Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen birlikde ýol-ulag düzüminiň, yşyklandyryş ulgamlarynyň we beýleki şäher kommunikasiýalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyny ünsi çekip, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni, iň täze tehnologiýalary hem-de sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şolar paýtagtymyzyň “akylly” megapolise öwrülmegine ýardam eder.