Mälim bolşy ýaly, Halk Maslahatynda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly Esasy Kanuna — Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, duşenbe güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Mejlisiň Başlygy Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda uly üstünlik bilen geçirilen Halk Maslahatynda kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, bellenilen tertibe laýyklykda, konstitusion toparyň birinji mejlisini ýakyn wagtda geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu toparyň işiniň we geçiriljek çäreleriň meýilnamalaryny, şeýle hem mejlisde serediljek meseleleriň sanawyny hem-de beýleki meseleleri tassyklamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Bu meselelere konstitusion toparyň mejlisinde seretmek üçin gowy taýýarlanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň mirasy döwrebap derejede ösdürilýär, halkymyzyň gadymdan gelýän milli mirasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ynsanperwer maksatlaryny şöhlelendirip, halkymyzyň kalbynda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Şoňa görä-de, ildeşlerimizden gelip gowuşjak teklipler hemmetaraplaýyn öwrenilmelidir, täze kanunlar işlenip taýýarlanylanda nazara alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimiziň esas goýujy hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan ugur alnyp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy ulgamlarynda bolup geçýän düýpli özgertmeler bilen baglylykda, konstitusion reformalaryň amala aşyrylandygyny belledi.
Bu bolsa jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz bu işi dowam etmegiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda täze ýagdaýlary beýan etmegiň zerurdygy bilen şertlendirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kanun çykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň kanunçykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wezipeleri hem-de şu günüň talaplary bilen şertlendirilendigini belläp, Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça işleriň geçirilmeginiň hem zerur bolup durýandygy bilen baglylykda, şol meseleleri çözmegiň möhümdigini aýtdy.
Türkmenistanyň hukuk ulgamyny özgertmekde we Esasy Kanunyny kämilleşdirmekde iň gowy dünýä tejribesinden, halkara ölçeglerden ugur alynmalydyr we halkara hukugyň esas goýujy kadalaryna eýerilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Öňümizde durýan örän uly ähmiýetli hem-de ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň uzak möhletleýin maksatlary geljekde hem üýtgewsizligine galar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu bolsa demokratik döwletimiziň, adalatlylyk ýörelgesine laýyklykda ynamly öňe gitmäge esaslanan raýat jemgyýetimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegi göz öňünde tutýar. Şu işlerde milli parlamentiň deputatlarynyň ornuna uly ähmiýet berilýär.