Türkmen rowaýatlary baradaky kitaplaryň birinde ýalňyşmaýan bolsam
şeýle bir waka bolmaly: bir medresä (häzirki döwrüň uniwersitetleri diýsegem
bolýar) bir ýaş ýigit bilim almaga gelipdir we gysga wagtyň içinde ylmy
kitaplardan her gün 3-4 sahypa ýat tutma tizligine ýetipdir. Bu ýagdaý beýleki
talyplaryň netijesine garanyňda, mese-mälim tapawutly bolansoň, halypa
mugallym bu ýaş ýigitden gaty hoşal ekeni. Günlerden bir gün, ol medreseden
sähel salymlygyna bazara gaýdypdyr. Şondan soň sapaga girende ol öňki netijäni
görkezip bilmändir; näçe jan etse-de, 1 sahypadan artyk ýadyna salyp bilmändir.
Halypa ony bir gyra çekipdir we “bu nä boluş?” diýip sorapdyr. Ýaş ýigit “meň
aklymdan hiç gidenok; bazarda gören aýnalarym gaty täsin, bir daş bilen näçesini
yzly-yzyna döwüp bolarka?” diýip jogap beripdir. Halypa derrew ol ýaş ýigdi alyp
bazara aýna dükana gelipdir we eline daş beripdir-de, “synanyşyp gör” diýipdir.
Ýaş ýigit daşy oklapdyr, döwenini döwüpdir, döwmedigini goýupdyr we halypa-da
döwlen aýnalar bilen hasaplaşyp gaýdypdyr. Gelip sapaga täzeden çemeleşen ýaş
ýigit ýene-de 3-4 sahypa ýat tutmagyň hötdesinden gelipdir.
Psiholog Daniel Lewintiniň “The Organized Mind: Thinking Straight in the
Age of Information Overloaded” atly kitaby barada bellik we teswirleri okap
otyrkam şu rowaýat ýadyma düşdi. Talybyň aňyna giren ýekeje gereksiz maglumat
ýatkeşlige, gör, nähili täsir edýär. Biziň informasion jemgyýetimizde welin,
maglumatlar depämizden şaglap akyp dur we şol sebäpli bizde gynansagam beýni
işjeňligimiz gowşaýar. Internet, telewizor, kinofilmler arkaly aňymyza hüjüm
edýän gerekli-gereksiz maglumatlar beýnilerimizi passiwleşdirýär. Bu barada
psihologlar aýdýarlar.
Meselem, köplenç açaryňyzy nirä goýanyňyzy ýatdan çykarýaňyzmy?
Beýniňiziň agşam-ara has-da gowşaýandygyny duýýaňyzmy? Bu nämeden bolup
biler; oýlanyp gördüňizmi?! Bu ýagdaýyň ýekeje sebäbi bar we ol hem
beýnilerimize hüjüm edýän gereksiz maglumatlardyr. Aşa köp maglumatlar
astynda ejir çekýän beýnilerimiziň şeýlelik bilen ýatkeşligi kütelişýär we ol
tertipsizleşýär.
Emma ýagdaý bütinleý umytsyz hem däl, sebäbi psihologlar beýnilerimizi
täzeden tertipläp biljekdigimizden we beýni işjeňligimizi dolandyryp
biljekdigimizden birjik-de şübhelenmeýärler. Onda näme etmeli?

  1. Maglumaty daşaryk çykar: 20-30 maddalyk bir sanawy ýadyňda
    saklajak bolma, kagyza belle. Maglumatlary kellämiziň daşyna çykarmak we olary
    ýazylan görnüşde görüp bilmek özleşdirmegimize köp ýardam berýär. Maglumat
    diňe beýnide bolan wagty beýni töweregine ünsüni jemlemekde kynçylyk çekýär.
    Bilýän zatlaryňy kagyza belle we beýniňe kömek et.
  2. Esasy kararlary günüň başynda al: “Haçan karar alsaň al, newro-çeşmeler
    sarp ediler.” Näme karar bolanda-da, bu şeýle; haýsy galamda hat ýazjagyňa karar
    bermegem, million dollarlyk maýa goýum baradaky karara gol çekmek hem şol
    hatarda. Ähli kararlar newro-çeşmeler sarp edilmesi esasynda alynýar we bu
    ýagdaý käbir näsazlyklara sebäp bolup bilýär. Meselem, eger uzakly günüň kiçijik
    müňlerçe kararlar bilen gurşalan bolsa, günüň soňunda gezek esasy möhüm

kararlara gelende çeşmeler azalandygy üçin kararlar ýerlikli we doly pikirlenilmän
alnyp bilýär. Şol sebäpli-de, saňa maslahatym ähmiýeti uly kararlary günüň soňuna
goýma.

  1. Tertipli bol: Ýatladyjylar, kalendarlar esasynda gün we sagat boýunça
    tertipli we meýilnamaly hereket etmek beýnä aşa ýük ýüklemegiň öňüni alýar.
    Güne başlamankaň, eýýäm öňküsi gün ertesi edilmeli işleriň wagtlary bilen sanawy
    taýýar bolsun! Meselem, haýsy işleri etmeli, sagat näçede etmeli we ol iş,
    takmynan, näçe wagt alýar?!
  2. “Köpfunksiýaly bolmak” bir ertekiden ybarat: Günüň dowamynda näçe
    sapar telefonda gürleşip otyrkaň poçtaňa göz aýlaýaň? Ýa-da näçe sapar ýygnakda
    otyrkaň gelýän sms-lere jogap ýazýaň? Özüňe köp-funksiýaly diýýän bolmagyň
    ahmal, emma aslynda bolup geçýän zat bir işden beýleki bir işe uly tizlik bilen
    geçmekden ybarat. Bu geçişleriň her-birinde beýnimizdäki glikojen känleri
    boşaýar. Glikojen bolsa, siziňem bilşiňiz ýaly, beýnidäki neýronlaryň (beýni
    öýjükleriniň) aragatnaşygy üçin zerur bolup durýan bir çeşme. Aragatnaşygy
    sazlaýan çeşmäniň azalmagynyň bolsa beýni işjeňligine erbet täsir etjekdigi anyk.