Bu kyn bolmadyk tehniki usullar size ruhubelentligiňizi artdyrmaga kömek eder. Olary ýerine ýetirmek üçin belli bir pasyl, sagat ýa-da giňişlik gerek däl. Esasy zat gussany ýok etmek!

  1. Häzir seniň rahatyňy bozýan gaharyň ýa-da başga bir negatiw duýgynyň suratyny çek. Ony adamjyk, jandar ýa-da näbelli hyýalybarlyk hökmünde suratlandyr. Soňra şol suraty ýak. Has howpsuz usuly — şol kagyzdan uçarjyk ýasap, penjireden uçur ýa-da zibil gutusyna taşla.
  2. Ýokary uzan. Elleriňi galdyr, oňurgaňy dogry sakla we Güne garşy gerin. Başyňda täç durandygyny göz öňüňe getir. Durmuşyň ownuk meselelerine kelle agyrtmak patyşalara gelşenok ahyry!
  3. Işdeşiňize ýa-da dostuňyza süýjülik hödür ediň. Munuň üçin olar hökman sagbolsun ýa-da mähirli ýylgyryş bilen jogap bererler. Eger ýanyňda huç kim ýok bolsa — öz-özüňe hödür et. Şeýle hem hökman: “Köp-köp sag bol!” diýmegi ýatdan çykarma.
  4. Aýnada özüňe seredip ýylgyr. Belki ilkibaşda ýylgyryş biraz ýasamarak ýaly görner, ýöne göreşmegi bes etme! Haçanda biz ýylgyranymyzda bedenimizde “bagt gormony” bölünip çykýar we keýpimiz öz-özünden gowulanýar. Köçeden geçip barýanlara ýylgyryp salam bermäge synanyş, hökman kimdir biri saňa-da şeýle jogap berer.
  5. Manysyz goşgulary düz. Kelläňe gelen islendik sözleri rifmalaşdyr. Mysal üçin, “wagyz” we “agyz”, “tabak” we “gabak”. Goşgy näçe manysyz bolsa, gülmek üçin şonça köp sebäp bolar.